logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Nature /Diňe garynjalar barada
  22.05.2023
2245
Diňe garynjalar barada

- Garynjalar özlerine mahsus bolan maldarçylyk bilen  meşgullanýarlar. Olar şirejelere sygyrlary hökmünde seredýärler. Şirejeler ösümlik şireleri bilen iýmitlenip, özünden «Şekerli süýt» bölüp çykarýarlar we garynjalaryň agzyna tarap pürkýärler. Olar garynjalaryň murtlaryny timarlaýarlar. Garynjalar bolsa şirejelere howp abanan halatynda, olary duşmanlardan gorap saklaýar.

- Madakaskar adasynda ýaşaýan «Adetomyrma venatrix» garynjalarynyň aýratyn iýmitleniş usulynyň bolanlygy sebäpli, olara «Drakulalar» lakamy berildi. Ol garynjalar gaty iýmiti özleşdirip bilmeýänligi sebäpli kaloniýa getirilen liçinkalaryň derisini dişläp ganyny sorup iýmitlenýärler.

- «Acanthaspis petax bugs» tagta bitleri garynja jesetlerini arkasynda göterip gezýärler. Olar möýlerden goranmak maksady bilen garynjalary öldürip, arkasyna geýýän galkanjyk ýasaýar. Möýler hüjüm eden ýagdaýynda galkanjygy olaryň üstüne taşlap, gaçyp bilerler.

- «Cordyseps lopsided» kömelegi garynjalary zombi öwrüp bilýär. Bu kömelek garynjanyň bedenine dem alyş ýoly arkaly girýär we soňundan garynjany özi üçin amatly bolan ýere gitmäge mejbur edýär, şol ýerde garynjanyň kellesiniň arka tarapynda ýüzlerçe müň sporalar ösüp başlaýar. Soňra sporalar ösümligiň aşagyna çenli ýaýrap, sebitden geçýän beýleki garynjalara hem ýokuşýarlar.

- Garynja iýýän äpet anteaterleriň bedeninde aşgazan şiresi öndürilmeýär, oňa derek olar iýmitlenmek üçin öz pidalary tarapyndan öndürilen formiki kislotany ulanmaga uýgunlaşypdyrlar.

- Garynjalar zynjyr bolup hereket edýärler, eger-de olaryň arasynda biri tegelek şekilinde aýlanyp başlasa, onda olaryň hemmesi onuň yzyndan herekete düzülýär. Köp ylmy gipotezalar beýle hereketiň garynjalardan bölünip çykýan fenomen bilen baglanyşyklydygyny subut edýär.

- Garynjalaryň koloniýasynda gorag işleri ýaşyna görä paýlanýar, hiniň girelgesini garry esgerler, şa aýalynyň ýanynda ýaş esgerler goragçylyk edýär. Orta ýaşly esgerler bolsa kömelek ösdürmek bilen meşgullanýarlar. 

 

Nurana MUHAMMEDOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.