logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Interesting /Diňe gije elektrik öndürip bilýän "Anti-güneş panelleri" oýlanyp tapyldy
  18.05.2022
990
Diňe gije elektrik öndürip bilýän "Anti-güneş panelleri" oýlanyp tapyldy

Bütin dünýäde gaýtadan dikeldilýän energiýa bolan islegiň artmagy bilen alymlar bu özgerişlige mümkinçilik berjek tehnologiýalaryň üstünde işlemegi dowam etdirýärler. Şu nukdaýnazardan,  gaýtadan dikeldilýän energiýanyň iň ileri tutulýan görnüşi bolan gün energiýasy üçin täze açyş edildi.

Alymlar ýaňy-ýakynda çap eden täze gözleglerinde panelleriň kömegi bilen gije hem energiýa öndürmäge mümkinçilik berýän täze "anti-güneş panellerini" oýlap tapandyklaryny habar berdiler. Täze tehnologiýa, gün şöhlelerinden energiýa alýan gün panellerinden tapawutlylykda, gijelerine ýeriň sowmagy bilen ýüze çykýan infragyzyl energiýadan peýdalanýar.

Alymlar tarapyndan täze döredilen tehnologiýa, gijeki görüş üçin niýetlenen materiallardan peýdalanýar. Täze tehnologiýa, Ýeriň gijelerine gyzmagy we sowamagy netijesinde ýüze çykýan infragyzyl energiýany peýdalanyp boljak energiýa öwürýär.  Bu prosese "termoradiatiw" prosesi diýilýär.  Işlenip düzülen prototip bilen geçirilen synaglar tehnologiýanyň häzirlikçe az mukdarda energiýa hödürläp biljekdigini görkezdi.

Mahym ÝAZYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.