logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Interesting /DOGLAN GÜNLER HAKYNDA
  08.10.2022
6203
DOGLAN GÜNLER HAKYNDA

- Doglan günleriň iň köp mukdary awgust aýynda (takmynan 9%), birneme az - senenamanyň ýanaşyk aýlarynda: iýul we sentýabr aýlary hasaplanylýar.

- Amerikalylar gutlaglaryň köpüsini poçta bilen iberýärler. ABŞ-da her ýylda 2 milliard töweregi gutlag haty iberilýär. Bu bolsa dünýädäki umumy mukdaryň 58%-ini düzýär.

- Iň uly «ýubileý» torty, Fort Payne (ABŞ, Alabama) 100 ýyllygyny bellemek üçin 1989-njy ýylda taýýarlandy. Bu tortuň agramy 128,238 funt boldy.

- Adaty gutlag aýdymynyň «Doglan günüň gutly bolsun» iň meşhur çykyşy, Merilin Monronyň ABŞ-nyň prezidenti Jon Kennediniň doglan güni mynasybetli 1962-nji ýyldaky «Madison Square Garden»-däki çykyşy boldy.

- Dünýädäki iň gymmat dogluş şahadatnamasy, 1997-nji ýylda 84,146 dollara auksiona çykan Pol MakKartniniň şahadatnamasy hasaplanýar.

- Iň gymmat doglan gününi Bruneý soltany özi düzdi. Bruneýiň 50 ýaşyna (13.07.1996) bagyşlanan dabaralar 27,2 million dollar boldy.

- Soňky gözleglere görä, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iň köp çaga dogluşy 5-nji oktýabrda bolýar. Iň az adamyň doglan güni barada aýdylanda bolsa, seljeriş 22-nji maýdygyny görkezýär.

- BMG-niň 1971-nji ýylda kabul eden karary esasynda 22-nji aprel Ýer şarynyň doglan güni hasaplanylýar.

 

Söýli HALMURADOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.