logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Dökün – topraga melhem
  08.12.2020
712
Dökün – topraga melhem

      Tejenli daýhanlar ata-babalarymyzyň “Daýhan mert – ene ýer jomart” diýen pähim-paýhasly sözlerinden ugur alyp işleýär. Şonuň üçin hem olar “Tejekarbamid” zawodynyň öndürýän önüminiň gadyryny bilýär.

         “Tejekarbamid” zawody diňe bir Ahal welaýatynyň daýhanlaryna däl-de, eýsem, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň zähmet adamlaryna gymmatly çig maly – karbamidi öndürip, olary demir ýollary we ýörite awtoulag toparlary arkaly ugradýarlar. Döküniň daýhan üçin gymmatlydygyna daýhan diýseň oňat düşünýär. Şonuň üçin hem olar her bir ekerançylyk işleriniň öz wagtynda karbamid döküniniň melhem bolmagy ugrunda ýakyndan aladalanýar. Olar topargyň möwsümini, şeýle hem daýhanyň islegini içgin öwrenýärler.

         “Tejekarbamid” zawodynyň işgärleri kärhananyň öndürýän gymmatly çig malyny – önümini diňe bir ýurdumyzyň çägindäki daýhanlara däl, daşary ýurtly ekerançylyk bilen meşgullanýan daýhanlara ugradýarlar. “Tejekarbamid” zawody boýunça gazanylýan üstünliklere jemgyýetçilik guramalary tarapyndan mynasyp goşantlary goşýarlar. Olar bäsleşikleri yglan edip, ýeňijilere ýörite taýýarlanylýan sowgatlary gowşurýarlar. Munuň özi bolsa kärhanada işleýän işgärleriň işe bolan höweslerini has hem artdyrýar.