logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /Dokuz gatly 108 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy boldy
  09.03.2023
1101
Dokuz gatly 108 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy boldy

8-nji martda,  Aşgabat şäherinde dokuz gatly 108 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy boldy. Bagtyýar maşgalalar Türkmenistanyň Prezidentiniň aladalary netijesinde Parahat-7 ýaşaýyş jaý toplumynda gurlup ulanmaga taýýar edilen täze ýaşaýyş jaýyna göçüp geldiler.

Açylyş dabarasyna paýtagtymyzyň we şäheriň etraplarynyň häkimlikleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular, kümüş saçly eneler, ýaşlar we Aşgabat şäheriniň köpsanly ýaşaýjylary, myhmanlary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Dabaranyň dowamynda tapawutlanyp zähmet çeken gurluşykçylara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Belläp geçsek, täze öýüň açarlaryna eýe bolanlaryň arasynda sekiz çagaly bagtyýar maşgalalar hem bar.

Täze açylan Parahat-7 ýaşaýyş jaý toplumynda gurlup ulanylmaga taýýar edilen täze ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynda we olaryň enjamlaşdyrylyşynda, bezeg işlerinde iň häzirki zaman usuldaky çözgütler peýdalanyldy. Giň otaglary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň goşmaça kömekçi desgalarynyň hem bardygyny bellemek gerek. Öýleriň aşhanasy, eýwanlary, olaryň gurluşyk aýratynlyklary amatlylygyň ýokary talaplaryna doly laýyk gelýär.