logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ «Biznes-Intellekt» bäsleşigi ýaş zehinleri ýüze çykardy ✦ ✦ Syýahatçylyk mekdebiniň talyplary türkmen haly sungaty bilen tanyşdylar ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦
Home / Culture /Döredijilik bäsleşigi yglan edildi!
  09.06.2023
1082
Döredijilik bäsleşigi yglan edildi!

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşi hem-de «Ahal durmuşy» welaýat gazetiniň redaksiýasy tarapyndan bilelikde yglan edilýän «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlaryň ýürek joşguny» atly döredijilik bäsleşiginiň
DÜZGÜNNAMASY:

Bäsleşigiň maksady 

Berkarar döwletimiziň kuwwatly ösüşlerini, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen amala aşyrylýan beýik işleri, ýaşlar hakdaky bimöçber işleri makalalaryň we şygyrlaryň üsti bilen açyp görkezmek, wasp etmek boýunça döredijilik başarnykly ýaşlary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek bäsleşigiň esasy maksady bolup durýar. Bäsleşige dürli kärlerde zähmet çekýän ýaşlar, şol sanda döredijilik işgärleri, şeýle-de talyplar gatnaşyp bilýär. 

Bäsleşigiň şertleri 

Ýurdumyzda bolup geçýän ägirt uly ösüşleriň özeninde duran mukaddes Garaşsyzlygymyz ata-babalarymyzyň arzuwlan ajaýyp döwri bolup, ykbalymyzy nurlandyrdy. Şu nukdaýnazardan, bäsleşige hödürlenýän eserler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ähmiýeti, Arkadagly täze taryhy döwrümizde durmuşyň dürli ugurlaryny gurşap alan ösüş-özgertmeler, gazanylýan beýik üstünlikler, ýetilýän sepgitler, zähmet adamlarynyň ýurdumyzyň ösüşine goşýan saldamly goşandy baý many-mazmuny bilen giňden açylyp görkezilmelidir.

Bäsleşige Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň ýeten belent sepgitleriniň waspyny ýetirýän makalalar, goşgular hödürlenmelidir. Bäsleşige gatnaşyjylar eserlerini «Ahal durmuşy» welaýat gazetiniň redaksiýasyna «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlaryň ýürek joşguny» atly döredijilik bäsleşigine diýen ýazgy bilen ibermelidir. 

Bäsleşigiň jemini jemlemek 

Bäsleşige hödürlenilen makalalaryň, goşgularyň mazmuny ýörite düzülen eminler topary tarapyndan seljerilip, olaryň iň gowulary «Ahal durmuşy» welaýat gazetinde çap ediler. Bäsleşigiň jemi Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda jemi jemlener. Onuň netijesinde iň gowy makalalar, goşgular boýunça ýeňijiler aýratynlykda kesgitlener hem-de her ugur boýunça birinji, ikinji, üçünji orunlara mynasyp bolanlar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşi tarapyndan hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanylar. 

 

«Ahal durmuşy» welaýat gazetiniň redaksiýasy.
Habarlaşmak üçin telefon belgiler: 38-61-31, 38-61-49.