logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /Döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi
  02.03.2023
973
Döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesi hem-de «Ahal durmuşy» welaýat gazetiniň redaksiýasy tarapyndan yglan edilen  «Bahar gelse begres geýer ene Ýer, Zeminiň görküdir eziz eneler!» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi. Bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak mynasybetli Änew şäherindäki «Bagt ýyldyzy» toý mekanynda geçirilen dabara göwün göteriji duýgulara beslendi.

Halkara zenanlar güni mynasybetli yglan edilen döredijilik bäsleşigine welaýatymyzyň ähli sebitlerinde ýaşaýan we  dürli kärlerde zähmet çekýän ildeşlerimiziň öz eserlerini iberendikleri, şolaryň iň gowularynyň saýlanyp, «Ahal durmuşy» welaýat gazetinde çap edildigi barada aýdylyp, dabaranyň barşynda ýeňijileriň atlary mälim edildi. Ýeňijilere Türkmenistanyň Kärdeşler  arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň hormat hatlary we ýörite sowgatlar gowşurylyp, olara döredijilik üstünlikleri arzuw edildi.