logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynyň sergisi guraldy
  27.04.2023
1021
Döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynyň sergisi guraldy

26-njy aprelde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda ahalteke atlarynyň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynyň sergisi guraldy. Bu bäsleşige 327 döredijilik işgäri 377 sany iş bilen gatnaşdy.

Sergide Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň, onuň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň halypa mugallymlarynyň we talyplarynyň, Suratkeşler birleşiginiň welaýatlardaky agzalarynyň eserleri görkezildi.