Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynyň her bir güni Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda toýdur – baýramlara, şanly senelere beslenýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda mirasymyza, medeniýetimize we sungatymyza uly sarpa goýulýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde şekillendiriş sungatynda hem uly işler alnyp barylýar. Ýadawsyz zähmet çekýän ussat suratkeşleriň döreden eserleri barada wasp etmemezlik mümkin däl.
Sungat ojagymyz bolan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda sergilenýän sungat eserleriniň yzly-yzyna dowam edip gelmegi uly buýsançly waka bolup durýar. Ine bu günki günde hem ýokary okuw mekdebimiziň “Grafika” kafedrasynyň zehinli mugallymy Kerim Berdiýewiň 35 ýaş ýubileýi mynasybetli döredijilik sergisi sergilenýär. Ýaş bolmagyna garamazdan Berdiýewiň nakgaşlyk we grafika eserlerine bolan yhlasy ýerine ýetiren işlerinde çuňňur beýan edilýär.
Ýaş türkmen suratkeşi Kerim Berdiýew 1990-njy ýylyň 23-nji maýynda Aşgabat şäherinde dünýä inýär. Çagalykdan özüniň sungata bolan höwesini has-da kämilleşdirmek maksady bilen 2002-nji ýylda Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebine girýär. Ol ýerde Nakgaşçylyk ugry boýunça dört ýyl bilim alýar. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýamyzyň ýanyndaky ýörite çeperçilik mekdebinde 2008-2012-nji ýyllar aralygynda “Nakgaşçylyk” hünäri boýunça bilim alýar. Okan ýyllarynda Myrat Hojagulyýew, Baýramdurdy Berdiýew, Rejep Çüriýew ýaly ussat halypalardan nakgaşçylygyň dürli akymlary boýunça bilim alypdyr. Soňra şol ýyl, ýagny 2012-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýamyzyň talyby bolmak nesip edýär. Ol ýokary okuw mekdebimizde “Teatr nakgaşçylygy” ugry boýunça alty ýyl okaýar. Suratkeş Baýram Nuryýew, Wepa Gurdow, Anna Annaýew we Berdiguly Amansähedow ýaly ussat halypalardan sungatyň inçe usullaryny içgin öwrenýär. Kerim Berdiýewiň şekillendiriş sungatyna bolan yhlasy hem-de halypalaryň beren goldawy öz ugrunda has-da kämilleşmegine uly itergi berdi. Birnäçe bäsleşiklerde baýrakly orunlara mynasyp bolan, ýaş suratkeşiň bu günki şahsy döredijilik sergisinde özüniň ajaýyp işleri bilen gatnaşýar.
Sungat ojagymyzyň sergi zalynyň diwarlaryny bezäp duran işlerinden “Şapak”, “Akdepe”, “Günortan”, “Ýatlama”, “Taryhyň nagyşlary”, “Gökdepe köli”, “Günüň ýaşyşy”, “Bägüller”, “Hyýal” we “Garrygala”, “Bekrewe” ýaly 121 sany işleriniň barysynyň waspyny edip gutarardan juda köp. Suratkeşiň ýerine ýetiren eserleriniň aglaba bölegi türkmen tebigatynyň gözel künjekleriniň waspy bolup durýar. Eserlere seredenimizde impressionistleriň tehnikasy hyýalyňda janlanýar. Tebigatyň syrly pursatlaryny, howadaky reňkleriň gaýmalaşmagyny sazlaşykly ýerine ýetirmegi başaran suratkeş öz gözýetiminiň baýdygyny görkezmek bilen tomaşaçynyň ruhy baýlygyny hem artdyrýar. Ynsanyň içgi dünýäsine, şatlanmagyna işlerde görkezilýän gözel tebigatymyza bolan garaýşyna uly täsir edýär. Kerim Berdiýewiň şunuň ýaly ýürege aralaşýan täsirli işleriniň sanynyň mundan beýläk köp bolmagyny arzuw etmek bilen sungat döredijiliginde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Zehinli suratkeşlere özleriniň şahsy döredijiligine mahsus bolan işlerini şunuň ýaly sergilerde sergilemäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!
Çemen ANNAMYRADOWA,
Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň mugallymy.