logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Poetry /Döredijilik söhbedi
  13.02.2020
895
Döredijilik söhbedi

Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasynyň Medeniýet öýünde aýdym-sazly duşuşyk geçirildi. Etrap medeniýet bölüminiň we etrap merkezi kitaphanasynyň bilelikde guramagynda geçen duşuşyk “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” ýylyna bagyşlandy. Oňa döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar, mekdep okuwçylary, kitaphanaçylar we beýleki hormatly myhmanlar gatnaşdy.

Medeni ojagyň eýwanynda guralan göçme kitap sergisi aýdym-sazly duşuşyga baý öwüşgin goşdy. Myhmanlar etrap merkezi kitaphanasynyň sergisini höwes bilen synladylar, gyzyklanma bildirýän dürli mazmunly kitaplary bilen tanyşdylar. Soňra etrabyň medeniýet merkeziniň aýdym-saz toparynyň taýýarlanan çykyşlaryny diňlediler. Bu ýerdäki şowhunly aýdym-sazlar milli öwüşginli tanslar bilen utgaşyp, ähliniň kalbyny heýjana getirdi.

Duşuşygyň barşynda täze taryhy döwürde döredijilik işgärleri barada edilýän alada, türkmen edebiýatynyň ösüşi, ýazyjy-şahyrlaryň döredýän ajaýyp eserleri barada söhbet açyldy. “Bereketli toprak” gazetiniň habarçysy, şahyr Altyn Baýramdurdyýewanyň döredijilik dogrusyndaky gürrüňleri we okan goşgulary ýaşlarda aýratyn uly täsirleri döretdi.

Aýdym-sazly duşuşykda etrapdaky 5-nji orta mekdebiň okuwçylarynyň ata Watanymyzy, eşretli döwrümizi, Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän beýik işlerini, bagtyýar çagalygy wasp edip, okan goşgulary hem gyzgyn garşylandy. Bu duşuşyk unudylmajak täsirleri galdyrdy.