Şäherimiz ösýär, gözelleşýär we dünýä özüniň iň asuda, iň ak we iň nurana keşbini görkezýär. Bu biziň hoşniýetli niýetlerimiziň we maksatlarymyzyň şöhlelenmesidir. Şonuň üçin Aşgabadyň döwrebap keşbini ýurdumyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň özboluşly netijesidir diýip atlandyrmak bolar. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynyň belent derejesine laýyklykda, Aşgabadyň täze keşbi döredijilik we gülläp ösüş ruhuny özünde jemleýär. Ýurdumyz gadymy döwürlerden bäri ,,ýedi ýoluň çatrygy” diýlip atlandyrylýar we onuň çäginden Beýik Ýüpek ýoly geçýär. Ýewraziýanyň ulag ugurlarynyň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan bütin dünýäniň we sebitiň abadançylygynyň hem-de durnukly ösüşiniň hatyrasyna özara peýdaly söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak maksady bilen, bu ulgamdaky ähli mümkinçilikleri durmuşa geçirmäge çalyşýar. 10-njy aprelde Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary – Türkmenabat böleginiň açylmagy hem döwletler we sebitler bilen söwda gatnaşyklaryny ösdürmekde, logistika hyzmatlarynyň hilini gowulandyrmakda strategik ähmiýete eýedir.
Soňky ýyllarda dünýä standartlaryna laýyk gelýän sport we ýaşaýyş toplumlary, çagalar baglary, mekdepler, lukmançylyk merkezleri we beýleki durmuş-medeni desgalar guruldy. Ýaşaýyş jaýlary ,,akylly şäher” tehnologiýalary, ekologik seýilgähler we häzirki zaman durmuş üpjünçilik ulgamlary bilen utgaşýar. Täze binalaryň hersi özboluşly medeni alamatlary we milli nagyşlary özünde jemleýär, bu bolsa binagärligi sungat derejesine göterýär. Aşgabat ösende diňe çäk taýdan giňemeýär, ol öz ilaty üçin has oňaýly, howpsuz we sanly durmuş infrastrukturasyny hem döredýär. Munuň özi baş şäherimizi abadanlaşdyrmak we özünde iň häzirki zaman inženerçilik-tehniki çözgütleri jemleýän döwrebap şäheri gurmak maksady bilen baglanyşyklydyr. Türkmen paýtagtyny ýaşaýyş üçin ähli amatlyklary bolan we gülläp ösýän şähere öwürmek maksady bilen durmuşa geçirilýän toplumlaýyn hem-de innowasion maksatnamalara Gahryman Arkadagymyz tarapyndan badalga berildi we häzir olar hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýar.
Mähriban GARAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.