logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /Dörtsütünli metjid
  08.06.2020
940
Dörtsütünli metjid

       Ýagny, ýadygärlik IX-XII asyrlar bilen senelenip, Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň merkezinden 97 km. günortada barmasy kyn ýerde dag gerişleriniň üstünde ýerleşýär. Şeýlelik-de, Gurluşyk önümleri inedördil görnüşli ölçegi 25 х 25 х 5 sm bolan  bişen kerpiçden we dag daşlar yndan gurlan binadyr. Bu gurluşyk önümleriniň çalşyrylyp örülişi  arhitekturanyň ajaýyp nusgasydygyna şaýatlyk edýär. Ýadygärlik gurluşy boýunça Kerki etrabynda ýerleşýän ХII – ХVII asyra degişli Astanababa arhitektura toplumynyň dörtsütünli zalyna hem meňzeýär.         Ýadygärlik içki ölçegi 13 x 13 bolan bir otagly jaýdyr. Girelgesi günorta tarapynda ýerleşýär. Jaý ýeriň içine, dag jynsyna 1,7-2 m. çuňlaşandyr. Jaýyň oňat saklanan günbatar bölegindki 4 gümmezi şol tarapdaky ýeke-täk jaýyň ilki başky durkuny aňsat göz öňüne getiridýändigi bilen suratlandyrylýar. Mundan başga-da, 4 diwar we 4 sütün 10 sany gümmeziň agramyny göteripdir. Şeýle-de, jaý alebastr laýy bilen salnypdyr.