Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Buýan ösümliginiň dermanlyk häsiýeti ✦ ✦ Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi ✦ ✦ Ýurdumyzyň ösüş ýolunyň täze tapgyry ✦ ✦ «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy ✦ ✦ Gyz-gelinler — milli bitewüligiň we dowamlylygyň nyşany ✦ ✦ Energetika howpsuzlygy we sebit durnuklylygy ✦ ✦ Mary DES-i elektrik energiýasyny öndürmekde ýokary netijeleri gazandy ✦ ✦ Aktauda Hormatly Prezidentimiziň kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Dowarlar dok gyşladylýar
  20.01.2022
457
Dowarlar dok gyşladylýar

Gyş pasly maldarlar üçin örän jogapkärli synag döwri hasaplanylýar. Hut şu aýlarda geljekde gazanyljak ýokary netijeleriň berk binýady döredilýär. Ene mallardan sagdyn owlak-guzulary almak üçin bolsa dowarlaryň orta we ýokary derejedäki semizlikde gyşladylmagyny gazanmaly. Tejen etrabynyň çägindäki S.A.Nyýazow adyndaky maldarçylyk hojalygy we etrabynyň Babadaýhan, Agalaň, Ö.Japarow adyndaky, B.Kerbabaýew adyndaky, Göniamaşa, Täze oba we Tejen daýhan birleşikleri gündelik işlerini netijeli alyp barýarlar. Olar “Malym – janym” diýýän gujur-gaýratly, başarjaň adamlar zähmet çekýärler. Maldarlar gyş pasly üçin meýdan oty, bugdaýyň we ekilen arpadan bolsa gowy hasyl alnyp, iýmitlik arpanyň ýeterlik möçberini taýýarlapdyrlar.

Maldarlaryň gyş paslyna özboluşly garaýyşlary bar. Ol bolsa bu döwürde howanyň ýygy-ýygydan üýtgäp durýandygy, ýagyşdyr garyň ýagyp, doňakçylyk zerarly, mallaryň örüde otlamagy üçin kynçylyklaryň döreýändigi bilen baglanyşyklydyr. Tebigy kynçylyklary ýeňip geçmek, dürli töwekgelçilikleri aradan aýyrmak maksady bilen tomus aýlary ot-iýmleriň zerur möçberlerini taýýarlamaga uly ähmiýet berilipdir. Ýedi hazynanyň biri bolan dowarlara göreldeli ideg edip, olaryň baş sanyny artdyrmak, maldarçylyk önümleriniň öndürilişini ýokarlandyrmak ugrunda ýadawsyz alada edýän maldarlaryň tagallalary ýerine düşýär. Gyşda, esasan-da, ene mallary alada bilen gurşap almak möhüm bolup durýar. Şeýle aladalar bolsa bu daýhan birleşikler we hojalyklarda mallardan ýokary hilli önüm we başa-baş owlak-guzy almaga şert döredýär.

Agzalan daýhan birleşikler we hojalygyň maldarlary şu ýyl 10 müňe golaý ene goýunlardan owlak-guzy almagy meýilleşdirýärler.