logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanda 2023-nji ýylda şaly öndürmek hakynda» Karara gol çekdi
  17.04.2023
1083
Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanda 2023-nji ýylda şaly öndürmek hakynda» Karara gol çekdi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeleri dowam etdirmek, öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberini has-da artdyrmak hem-de şalynyň ýokary hasylyny öndürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanda 2023-nji ýylda şaly öndürmek hakynda» Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň häkimliklerine Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda hem-de Lebap welaýatynyň Darganata, Dänew, Çärjew, Saýat, Halaç, Hojambaz, Kerki, Köýtendag etraplarynda önümçiligi we ekin dolanyşygyny agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ylmy esasda ýola goýmak bilen, şalynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy.