logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Döwlet eýeçiligine degişli 36 desga satuwa çykarylar!
  06.06.2023
871
Döwlet eýeçiligine degişli 36 desga satuwa çykarylar!

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi 7-nji iýunda bäsleşikli söwdanyň geçirilýändigini mälim etdi, onda döwlet eýeçiligine degişli 36 desga satuwa çykarylar. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlaryndaky 13 kärhanasy döwlet eýeçiliginden aýrylar. Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi Mary we Daşoguz welaýatlaryndaky 2 desgany satuwa çykarar.

Mundan başga-da, Aşgabat şäher häkimligi, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimlikleri, şeýle hem Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti, «Türkmenawtoulaglary» agentligi, Awtoulag ýollaryň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi, «Türkmenhaly» döwlet birleşigi we «Türkmenhimiýa» döwlet konserni öz desgalaryny satuwa çykararlar. 

Bäsleşikli söwda 7-nji iýunda sagat 10:00-da Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň şu salgyda ýerleşýän binasynda geçiriler: Aşgabat  şäheri, Arçabil şaýoly, 156.

Habarlaşmak üçin telefonlar:
 

Aşgabat: +993 12 92-12-97;
Änew: +993 137 33-0-21;
Balkanabat: +993 222 7-89-34;
Daşoguz: +993 322 9-10-19;
Türkmenabat: +993 422 6-11-52;
Mary: +993 522 6-06-87.