Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Awaza maslahatynda raýat jemgyýeti forumy ýokary derejeli çykyşlar bilen açyldy ✦ ✦ Awaza 2025 maslahatynyň çäginde Ýaşlar forumy öz işine başlady ✦ ✦ Awaza 2025: "Geosyýasy dialog, täzeçil garaýyşlar" ✦ ✦ Awaza 2025: "Raýat Jemgyýeti" Forumy ✦ ✦ Awaza 2025: "Ugurdaş Çäreler" ✦ ✦ “Sagdyn nesil — arassa ekologiýa” atly medeni çäre geçirildi ✦ ✦ Aşgabatda metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Ýokary derejeli forumlar ✦ ✦ Türkmen Programmisti ABŞ-da Baş Baýragynyň eýesi boldy ✦ ✦ ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi. ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy ilata ýatladýar!
  10.08.2022
773
Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy ilata ýatladýar!

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy öri-sähra meýdanlarynda ýangyn howpsuzlyk kadalaryny berjaý etmek babatda öz maslahatlary bilen ýüzlenip, şulary ýatladýar:

— Mallaryň suwa ýakylýan guýularynyň 500 (bäş ýüz) metr daş-töwereginde ini 3,5 (üç ýarym) metrden az bolmadyk 2 (iki) sany araçäkde sürüm işlerini geçirmeli;

— öri-sähra meýdanlara gidýän awtoulaglaryň tüsse çykarlaryny ygtybarly uçgun we ilkinji ýangyn söndüriş serişdeleri bilen üpjün etmeli;

— öri-sähra meýdanlarynyň, demir ýollarynyň ýakalarynda däne ekin meýdanlary ýa-da üzüm agaçlary bar bolan meýdanlaryň daş-töweregine ini 10 (on) metrden az bolmadyk araçäklerde sürüm işlerini geçirmeli;

— demir, awtomobil ýollarynyň ýakalarynda 4 (dört) metr inlilikde ýangyna garşy araçäkleri döretmeli;

— öri-sähra meýdanlarynda dürli işleri amala aşyrýan geologiýa-gözleg ekspedisiýalarynyň wagtlaýyn ýaşaýyş jaýlarynyň 30 (otuz) metr daş-töweregini guran ot-çöplerden arassalamak işlerini geçirmeli.

Türkmenistanyň çägindäki eýeçiligiň görnüşine garamazdan, edara-kärhanalaryň, guramalaryň ählisi öri-sähra meýdanlarynda, çöllerde, daglarda we tokaýlarda islendik işleri geçirenlerinde ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini doly berjaý etmäge borçludyrlar.

Ýaşaýyş jaýlarynyň, ulaghanalaryň daş-töweregi arassalanyp, zir-zibiller öz wagtynda çäkden çykarylmaly. Jaýlaryň üçeklerine ýanyjy agaç gyryndylary, sypaldyr beýleki basym tutaşýan materiallary düşemek, şeýle-de jaýlaryň üçeklerinde, ýerzeminlerinde ýanyjy hojalyk goşlaryny saklamak talabalaýyk däldir. Jaýlaryň üçeklerinde we ýerzeminlerinde elektrik tok geçirijileri gurnalanda, olar suwagyň astyndan ýa-da polat turbalaryň içinden geçirilip gurnalmaly. Elektrik ýagtylandyryjy çyralaryň daşlarynyň gorag aýna örtügi bilen örtülmegini üpjün etmeli.

Hormatly watandaşlar! Öýden, iş ýerlerinden gitmezden öň, ýangyn howpsuzlyk düzgünleri esasynda jaýlary gözden geçirip, ähli elektrik-gaz enjamlarynyň öçürilendigini barlamagy ýatdan çykarmaly däldir. Öýleriňizdäki we iş ýerleriňizdäki işläp duran elektrik-gaz enjamlaryny gözegçiliksiz galdyrmaly däldir.

Ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek howpsuzlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen anyk çäreleri ýerine ýetirmekden ybaratdyr.