logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Interesting /Döwletleriň baýdaklary barada gyzykly faktlar
  24.03.2024
1530
Döwletleriň baýdaklary barada gyzykly faktlar

Baýdak bu döwlet nyşanlarynyň hataryna girýär. Ol halkyň gadymy däpleriniň, adatlarynyň görkezijisi hem hasaplanýar. 

 

1. Dünýäniň ilkinji mata baýdaklary Hytaýlarda b.e.öň 1100-nji ýyllarda döredilipdir diýip takmynlar bar. 

2. Dünýäniň iň owadan baýdagy Serbiýanyň  baýdagy hasaplanýar. Dünýä belli Ranker portalynda millionlarça adamyň ses bermegi arkaly geçirilen bu bäsleşikde Serbiýa respublikasynyň baýdagy dünýäniň iň owadan baýdagy diýlip saýlandy. 

3. Dünýädäki ähli baýdaklar diýen ýaly 2:3 ölçegdedirler. 

4. Dünýäde iň seýrek duş gelýän  reňk bu fiolet reňkidir. Sebäbi XIX asyryň ortalaryna çenli bu reňk dünýäde iň gymmat reňk hasaplanypdyr. 1856-njy ýylda fiolet reňkini almagyň arzan görnüşi oýlanyp tapylypdyr. Häzirki wagtda ykdysady sebäplere görä hiç bir döwletiň baýdagynda bu reňk duş gelmeýär. 

5. 1983-nji ýylyň 1-nji maýynda kabul edilen Mozambik döwletiniň döwlet nyşany bolan baýdagy dünýäniň iň täsin baýdagy hasaplanýar. Baýdagyň ýüzünde häzirki zaman ýaragynyň “Kalaşnikow” şekili ýerleşdirilen bolan bu baýdak dünýäde ýaragyň suraty bar bolan ýeke-täk baýdakdyr. 

6. Garaşsyzlygyny yglan edenden soň iň köp baýdagyny çalşan döwlet bu Amerikanyň Birleşen Ştatlarydyr. ABŞ-nyň döwlet nyşany bolan baýdagynda 50 sany ýyldyzjyk şekili onuň 50 sany ştatyny, 13 sany çyzyk bolsa 13 sany koloniýasyny aňladýar. 

7. Iň gadymy baýdak bolsa taryhda XIV asyra çenli dowam eden resmi taýdan hasaba alnan Danneborg döwletiniň baýdagydyr. 

8. Ýaponiýanyň ikinji ady bu günüň dogýan ýurdudyr. Ýaponiýanyň baýdagynda ak reňkiň üstünde , baýdagyň merkezinde gyzyl tegelek şekil ýerleşdirilendir. Ýaponlar öz baýdagynyň üsti bilen dogup gelýän güni şekillendirendiklerini aýdýarlar. 

9. Iň çylşyrymly baýdak bolsa Mongoliýanyň we Şri Lankanyň baýdaklary hasaplanýar. Çylşyrymly şekiller, olaryň has köp many aňlatmaklary dünýäde uly gyzyklanma döredýär.                                                    

 

Aýna JUMANAZAROWA,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň 
Türkmenabat agrosenagat orta 
hünär okuw mekdebiniň talyby.