logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Politics /Döwletli döwranyň ajaýyp ýaňy
  29.02.2024
556
Döwletli döwranyň ajaýyp ýaňy

Ýaňy ýakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 2024-nji ýylyň fewral aýynyň 22-ne Türkmenistanyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Maslahatlar merkezinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde öňde goýlan möhüm işleri durmuşa geçirmek boýunça, «Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde döwletiň we jemgyýetiň bilelikdäki tagallalarynyň ähmiýeti» atly maslahat geçirildi.

 

 

Möhüm ähmiýetli maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçmer aladalary esasynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan özgertmekde, halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmekde alnyp barylýan işler, ýurdumyzyň halkara derejesinde gazanýan üstünlikleri, şeýle hem mejlisiň gün tertibinde seredilen «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça gaýragoýulmasyz işler dogrusynda öňde durýan wezipeler babatda täsirli çykyşlar edildi. 

 

 

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şu ýyl ýerine ýetirilmeli belent maksatly işler boýunça öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmegiň anyk ugurlary kesgitlenildi. 

 

 

Selbi Hojalyýewa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.