logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Science and Education /Döwrebap bilim — aýdyň geljek
  30.03.2024
571
Döwrebap bilim — aýdyň geljek

Häzirki ajaýyp döwrümizde ösüşiň baş şerti ylym-bilim ulgamyny ösdürmek bilen pugta baglanyşyklydyr. Işleri ylmy esasda ýola goýmak, bilimli hünärmenleri taýýarlamak esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Şonuň üçin ylym-bilimi täze derejelere çykarmak, döwrebaplaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu ulgamda amala aşyrylýan tapgyrlaýyn özgertmeleriň netijesinden görnüşi ýaly, ylym-bilim babatda alnyp barylýan işler biziň röwşen geljegimizi üpjün edýär.


 

Ylym ähli ösüşleriň gözbaşydyr. Şonuň üçin hem ylym röwşen geljegiň şuglasy hasaplanylýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň innowasion ösüşinde ylmyň kuwwatyny we onuň ornuny pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Eziz Diýarymyzda ylmy işleri amala aşyrmak, ylmy gözlegleriň gerimini giňeltmek, olaryň netijesini işe ornaşdyrmak üçin ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge berilýän uly ünsüň netijesinde, ylmy edaralaryň we ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar. Olaryň işine iň täze maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ornaşdyrylýar.


 

Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Ylym we bilim adama durmuş ýolunda üstünlik, abraý, sylag-hormat getirýän gymmatlykdyr, biziň şöhratly geçmişimizdir, bagtyýar şu günümizdir hem-de nurana geljegimizdir» diýip belleýär. Şonuň üçin ylym-bilim ulgamyny ösdürmek ýurdumyzyň geljegini kesgitleýän esasy şertleriň biridir. Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasly ýolbaşçylygynda bu ugurda durmuşa geçirilýän tutumly işler, ilkinji nobatda, bagtyýar ýaşlarymyz hem-de röwşen geljegimiz baradaky aladany maksat edinýär.


 

Türkmen ýaşlarynyň döwrebap bilim almagy, kämil hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

 

Orazjemal ANNAMUHAMMEDOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.