logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Economics /DÖWREBAP KÄRHANA IŞE BAŞLADY
  27.08.2019
962
DÖWREBAP KÄRHANA IŞE BAŞLADY

     Gökdepe etrabynyň çäginde keramiki kerpiji öndürýän kärhana açylyp, ulanylmaga berildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Tirkeş” hususy kärhanasynyň kerpiç önümçiligi boýunça desgasynyň açylyş dabarasy diýseň köp adamly boldy.

   Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 28 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda keramiki kerpiji öndürýän häzirki zaman kärhanasynyň açylmagy  hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetiň hususy pudagyny ösdürmäge aýratyn üns bermegi netijesinde  telekeçilik işiniň ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň has netijeli ugurlarynyň birine öwrülendigini alamatlandyrdy.

     Dabara üçin niýetlenen meýdançadaky esasy sahnada welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary giň gerimde ýaýbaňlandyryldy. Belent ruhy joşguna beslenen sungat çykyşlarynda Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallary bilen ösüş-özgermelere beslenen ata Watanymyz, erkana durmuşymyz, zähmet galkynyşy ussatlarça wasp edildi. Dabara gatnaşyjylar ol ýerde milli däp-dessurlara eýerilen tomaşalary, köp öwüşginli sergileri hem höwes bilen synladylar.

     Dabaranyň hormatly myhmanlarynyň täze desganyň toý bagyny kesmegi bilen, ol ýerdäki şatlyk-şowhun has-da belende göterildi. Soňra myhmanlar täze kärhana aýlanyp, onuň giň mümkinçilikleri bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

     Bäş gektar meýdanda bina edilen täze desganyň kuwwaty ýylda 1 million keramiki kerpiji öndürmäge barabardyr. Hytaý Halk Respublikasyndan getirilen iň kämil enjamlaryň ornaşdyrylmagy kärhanada öndüriljek önümiň hiliniň ýokary bolmagyna şert döreder. Hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilýän möçberini artdyrmak,  önümçiligiň eksport ugurlylygyny üpjün etmek boýunýa öňde goýýan wezipeleriň üstünlikli çözülmegine saldamly goşant goşjak bu kärhanadaky awtomatlaşdyrylan enjamlar çig malyň ýokary derejede işlenilmegini ýardam eder. Kerpiç önümçiliginde  zerur gerek bolan  topragyň, çägäniň we suwuň gaýtadan işlenilmegi netijesinde ol ýerde ýokary hilli keramiki kerpiç öndüriler. Kärhananyň önümleri buýurmalar esasynda sarp edijilere ugradylar.