logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Economics /Döwrebap kärhana işe başlady
  09.12.2020
617
Döwrebap kärhana işe başlady

      Ýakynda Gökdepe etrabynyň Ýaňgala obasynyň çäginde beton gurnamalarynyň dürli görnüşlerini öndürýän durky täzelenen we döwrebaplaşdyrylan kärhana dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berildi. Baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk şanly baýramynyň hormatyna toý ruhunda işe girizlen täze kärhana halkymyza özboluşly  sowgat boldy.

       Kärhananyň açylyş dabarasynda çykyş edenler ata Watanymyzy gülledip ösdürmek, halkymyzy baky bagtyýarlykda ýaşatmak ugrundaky taýsyz tagallalary üçin döwlet Baştutanymyzyň adyna alkyşly sözlerini aýtdylar. Gutlag çykyşlaryndan soňra, kärhananyň gurluşygyna gatnaşan ezber elli gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Etrabyň il sylagly ýaşulularynyň ýagşy arzuwlar bilen, täze kärhananyň toý bagyny kesmegi dabaranyň ýatda galyjy pursadyna öwrüldi. Ýaşulularyň baş bolmagynda dabara gatnaşyjy myhmanlar beton gurnamalarynyň dürli görnüşlerini öndürýän durky täzelenen we döwrebaplaşdyrylan kärhana bilen tanyşdylar.

“Sähra gurluşyk” hususy kärhanasyna degişli bolan döwrebap kärhana 3,36 gektar meýdany tutýar. Onuň kuwwaty ýylda 10 müň kubmetr beton önümlerini, şeýle-de müň tonna demir gurnamalaryny öndürmäge niýetlenendir. Önümçilik işinde, esasan-da, ýerli çig malyň ulanylmagynyň göz öňüne tutulmagy önümiň hiline oňaýly täsirini ýetirer. Zawodyň işiniň ýokary talaplara laýyklykda we bökdençsiz alnyp barylmagy üçin ähli zerur şertlerdir mümkinçilikler göz öňüne tutulypdyr. Önümçilik desgasy Türkiýeden getirilen ugurdaş kärhanalaryna niýetlenen öňdebaryjy enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Beton gurnamalarynyň dürli görnüşlerini öndürýän durky täzelenen we döwrebaplaşdyrylan kärhanada ildeşlerimiziň 50-den gowragynyň zähmet çekmegi ugrunda ähli şertler göz öňüne tutulandyr.