Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Samarkantda medeni çäreler geçirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk - maglumat goraglylygyň binýady ✦ ✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Döwrebap ylym-bilim – bagtyýar geljek
  07.09.2022
566
Döwrebap ylym-bilim – bagtyýar geljek

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň bilimli, kämil düşünjeli, häzirki ösen döwre mynasyp bolup ýetişmegini gazanmak döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýaş nesil baradaky alada, ony milli we umumadamzat gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelemek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň çäklerinde milli bilim ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Bilim ulgamyna jemgyýetimiziň we döwletimiziň mundan beýläk-de ösmegi üçin binýatlaýyn esas hökmünde garalýar.

 

 

On iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryna laýyklykda, okuw-terbiýeçilik işleri yzygiderli kämilleşdirilýär. Şu maksat bilen, tutuş ýurdumyzda her ýyl dünýä derejesine laýyk gelýän orta bilim we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň binalarynyň onlarçasy gurlup ulanmaga berilýär. Olar döwrebap multimedia enjamlary, sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilýär. Milli bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegine döwlet tarapyndan aýratyn üns berilmegi ýaş nesliň diňe bir bilim derejesiniň däl, eýsem olaryň edep-terbiýesine, zähmet endiklerine hem oňaýly täsir edýär. Bilşimiz ýaly, ylym-bilim adamy zähmete we durmuşa ruhlandyrýar.

 

 

Ýaş nesli milli ruhda we umumadamzat gymmatlyklaryna laýyk terbiýelemek ýurdumyzda alnyp barylýan bilim syýasatynyň baş maksadydyr. Watana wepaly, ýokary aň-düşünjeli, dogry sözli, arassa ahlakly, zehinli ýaşlaryň terbiýelenmegi döwletimiziň ösüşiniň girewidir. Şu nukdaýnazardan eziz Diýarymyzda milli bilim ulgamynyň işine döwlet durmuşynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde garalýar. Döwrebap bilim ulgamyny döretmek, ýaş nesillere bilim bermegiň usullaryny has-da kämilleşdirmek, hünärmenleriň hünär başarnyklaryny ýokarlandyrmak barada uly işler alnyp barylýar.

 

 

Goý, bilim we ylym ulgamlarynyň yzygiderli kämilleşmegi üçin nusgalyk aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, başy dik, beýik işleri hemişe rowaç bolsun!

 

 

Söhbet HOJAÝEW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň
Nebiti we gazy gaýtadan işlemegiň
himiki tehnologiýasy kafedrasynyň mugallymy.