logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Döwrebap ýyladyşhana
  01.04.2020
973
Döwrebap ýyladyşhana

      Ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagynyň wekillerine berýän goldaw-hemaýatlaryndan ruhlanýan “Berk binaçy” hususy kärhanasynyň işgärleri ýyladyşhana şertlerinde gök önümlerini ýetişdirmekde öwgä mynasyp işleri bitirýärler. Ady agzalan kärhananyň Gökdepe etrabynyň Yzgant geňeşliginiň çäginde ýerleşýän ýyladyşhanasyna baranyňda, ol ýerde guwandyryjy işleriň alnyp barylýandygyna şaýat bolýarsyň.

       Ilatymyzy ýylyň ähli paslynda-da ekologiýa taýdan arassa, ýokumly ter gök önümleri bilen üpjün etmek babatdaky işlerden ugur alnyp gurlan ýyladyşhana 3,5 gektar meýdany tutýar. Häzirki zamanyň iň kämil, döwrebap tehnologiýaly ýyladyşhana toplumynyň işe girizileni köp wagt geçmedik hem bolsa, onda ýetişdirilýän gök önümler ilat arasynda uly islege eýe boldy.

        Şu günler ýyladyşhanada birkemsiz ýetişdirilen pomidordyr hyýaryň ýygnamak işi alnyp barylýar. Bu işe ýaşlaryň uly topary gatnaşýar. Ýaşlar şitilleri ýetişdirmek, oturtmak we ideg etmek, şeýle-de döwrebap tehnologiýalary dolandyrmak işinde işjeňlik görlezýärler.

        Ýyladyşhanada ýetişdirilýän bulgar burçy hem bol hasylyny eçilýär.  Döwrebap ýyladyşhanada ýetişdirilýän gök önümler terligine ilata ýetirilmegi halkymyzyň bereketli saçagyna özboluşly bezeg goşmagyna itergi bolýar.