logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /«Dragon Oil (Türkmenistan) Ltd.» kompaniýasy Çelekende 35 million dollarlyk barlag geçirdi
  09.01.2024
704
«Dragon Oil (Türkmenistan) Ltd.» kompaniýasy Çelekende 35 million dollarlyk barlag geçirdi

«Türkmennebit» döwlet konserniniň we «Dragon Oil (Türkmenistan) Ltd.» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu ähtnamanyň çäklerinde türkmen nebit-gaz pudagynyň maýa goýumlary has-da giňeldildi, şeýle-de «Dragon Oil (Türkmenistan) Ltd.» kompaniýasy Çelekeniň golaýyndaky uly mümkinçiliklere eýe bolan 19-njy uglewodorod blogynda 3 sany geljegi uly bolan ýatagy özleşdirip başlar.  

 

 

«Dragon Oil (Türkmenistan) Ltd.» kompaniýasy 35 million dollara barabar bolan seýsmiki barlaglaryň netiijesinde geljekde bu ýerde önümçiligi artdyrmaga uly mümkinçiligiň bardygyny görkezýär.

 

 

Bu ähtnamanyň işe girizilmegi bilen nebit-gaz pudagynda hyzmatdaşlygyň has hem berkemegi, önümçiligiň hiliniň ýokarlanmagyna we täze iş orunlarynyň döredilmegine mümkinçilik berer.

 

 

BAE-niň Dubaý şäherinde ýerleşýän «Dragon Oil» kompaniýasy Türkmenistanda 2000-nji ýyldan bäri önümi paýlaşmak hakyndaky Ylalaşyk esasynda işleýär. Nebitiň we tebigy gazyň çykarylşyny, gaýtadan işlenilşiniň möçberini artdyrmak, türkmen energiýa serişdeleriniň we taýýar nebit, gazhimiýa önümleriniň eksportyny ýokarlandyrmak milli ykdysadyýetimiziň bu esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

 

Allanazar Nuryýew
Türkmen oba hojalyk institutynyň
3-nji ýyl talyby.