logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Health /Dümewden goranalyň!
  07.10.2022
1511
Dümewden goranalyň!

Güýz günleri termometr howany maýyl görkezse-de, öýleden soň howanyň temperaturasy aşak düşüp bilýär. Şonuň üçin güýz günleri gündelik berjaý etmeli kadalary ýerine ýetirmegi unutmaň. 

- Her gün howanyň ýagdaýyna görä geýniň.

- Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwuň. 

Ýaşaýan otagyňyzy ýelejiredip, çygly arassaçylyk işlerini geçiriň.

Gündelik iýmitiňiziň içine gök-önümleri, miweleri goşuň.

Arassa howada gezelenç ediň. Bu siziň bedeniňizi berkider.

Keselhanalara, ýapyk binalara baranyňyzda agyz-burun örtügini dakynmagy unutmaň.

Başga biriniň zadyny hususy gigiýena üçin ulanmaň (elsüpürgiç, elýaglyk). Kesekiniň el telefonyny peýdalanmaň, onda gripiň wirusy bolmagy mümkin.

Eger-de özüňizde dümewiň alamatlaryny duýsaňyz, (gyzgynyň galsa, kelläň, bokurdagyň agyrsa, üsgülewük tutsa) maşgala lukmanyny çagyryň.

 

Serdar HAJYÝEW,

Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň bölüm müdiri.