logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Economics /Dünýä belli kompaniýalaryň wekilleri Türkmenistanda geçiriljek halkara maslahata we sergä gatnaşar
  18.04.2023
1280
Dünýä belli kompaniýalaryň wekilleri Türkmenistanda geçiriljek halkara maslahata we sergä gatnaşar

3-4-nji maý aralygynda Aşgabatda «Halkara ulag we üstaşyr geçelgeler: özara baglanyşyk we ösüş» (ITTC 2023) atly ikinji halkara maslahat we sergi geçiriler. Bu halkara maslahata we sergä gatnaşmak üçin «SpaceX», «Alibaba» we «Boeing» ýaly kompaniýalaryň wekilleri hem hasaba alyndy.

«ITTC 2023» atly ikinji halkara maslahata we sergä gatnaşyjylaryň hataryna «Vitol», «Meno Logistics», «Dragon Oil», «Fly Dubai», «Airbus», «Toyota», «Lenovo», «Hyundai», «General Electric», «Car Deluxe», «Bureau Veritas Marine Kazakstan LLP», «Russian Railways» ýaly öňdebaryjy halkara kompaniýalaryň wekilleri, Halkara howa ulagy assosiasiýasy (IATA), Halkara gämi palatasy (ICS), Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşmesi (IRU) we USAID Merkezi Aziýa guramasy girýär.

Bellenilişi ýaly maslahata gatnaşmak üçin dünýäniň 40 ýurdundan 500-den gowrak wekiliýet hasaba alyndy.

Ýeri gelende belläp geçsek, «ITTC 2023» halkara maslahaty Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen «Turkmen Forum» hojalyk jemgyýetiniň hyzmatdaşlygynda gurnalýar.

Halkara maslahata gatnaşyjy içerki we daşary ýurtly hünärmenler ulag we logistika pudagynda häzirki zaman tehnologiki çözgütleri hödürlärler, şeýle hem Aşgabat halkara howa menziline, Türkmenawtobana, Türkmenbaşy halkara deňiz portuna baryp görerler. 

 

Aýjeren MYRADOWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.