logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /«Dünýä bezegi – zenan kalby» atly brifing geçirildi
  06.03.2025
1633
«Dünýä bezegi – zenan kalby» atly brifing geçirildi

Ýakynda paýtagtymyz Aşgabatda, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda «Dünýä bezegi — zenan kalby» atly aýdym-sazly brifing geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň guramagynda guraldy.

 

Brifinge žurnalistler, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we jemgyýetçilik wekilleri gatnaşdy. Çykyş edenleriň hatarynda «Esger» gazetiniň uly habarçysy Aýgül Garaýewa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy Jeren Öwezowa​, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy Gülsenem​ Hommadowa​, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň farmakologiýa kafedrasynyň mugallymy Ogulsadap​ Durdyýewa​ dagy boldy.

 

Çäräniň dowamynda zenanlaryň jemgyýetdäki orny, olaryň ýurduň ösüşine goşandy barada giňişleýin gürrüň edildi. Çykyş edenler türkmen zenanlarynyň dürli ugurlarda işjeň zähmet çekýändigini, olaryň döredijilik ruhunyň we çäksiz wepadarlygynyň nusgalyk derejede beýanyny tapýandygyny bellediler. Şeýle-de, halk döredijiliginde zenanlaryň watansöýüjiligi, mertebeliligi we päkligi barada giň orun berilýändigi nygtaldy.

 

Brifingiň ahyrynda gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň zenanlaryň abadançylygy ugrunda alyp barýan işlerine hoşallyk bildirdiler hem-de olara saglyk, uzak ömür we üstünlik arzuw etdiler.