logo

Soňky täzelikler:
✦ Bitaraplyk — türkmen halkynyň synmaz ýoly ✦ ✦ Dil bilen dünýäni gezer ✦ ✦ Ýaşlar — Watanymyzyň geljegi ✦ ✦ Bilim bermekde okuwçynyň pikirleniş ukybyny ösdürmek möhümdir ✦ ✦ Garabogaz - Gazagystan serhetýaka awtomobil ýolunyň 44 kilometrlik bölegi açyldy ✦ ✦ Daşoguzda ýylda 700 müň tonna azotly dökün öndürjek toplum gurlar ✦ ✦ Daşoguzda pagta çigidini gaýtadan işleýän täze kärhana gurlar ✦ ✦ Aşgabat - Daşoguz awtomobil ýoly täze tapgyrda ulanylmaga beriler ✦ ✦ Daşoguz welaýatynda ulag we senagat ösüşiniň täze taslamalaryna badalga berildi ✦ ✦ Ykdysadyýetiň görnüşleriniň ösüşi ✦
Baş sahypa / Dünýäde /Dünýä çempionatynda aýdym-sazly çykyşlar we festiwallar görkeziler
  14.11.2022
1198
Dünýä çempionatynda aýdym-sazly çykyşlar we festiwallar görkeziler

Dünýä çempionatyna tomaşa etmek üçin Katara gitjek janköýerlere gyzykly günler garaşýar. Çempionatyň geçiriljek günlerinde konsertler, festiwallar şeýle-de ýörite gezelençler gurnalar.

Dünýä belli meşhur ýyldyzlar: Diplo, Kizz Daniel, Nora Fatehi, Trinidad Cardona we Calvin Harris – «Katar 2022 FIFA Fan» Festiwalynyň esasy sahnasynda çykyş ederler. Konsertler, festiwallar 29 günläp dowam eder.

Şeýle hem çempionatyň geçirilýän günlerinde 90-dan gowrak dürli ýerlere medeni we güýmenje maksatly gezelençler gurnalar.