logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Interesting /Dünýä ilaty barha artýar
  20.04.2022
1468
Dünýä ilaty barha artýar

Häzirki döwürde dünýäniň ilaty 7,9 milliard töweregidir. Lukmançylygyň ösmegi, saglygy goraýyş hyzmatlarynyň amatly bolmagy adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny hem artdyrýar. Soňky onýyllyklarda dünýä ilaty has çalt depgin bilen artdy. Dünýä ilaty 1999-njy ýylda 6 milliard, 2011-nji ýylda 7 milliard, häzirki wagtda bolsa 7,9 milliarda ýetdi. Ilatyň 59,33 göterimi Aziýada 17,51 göterimi Afrikada, 9,77 göterimi Ýewropada, 8,37 göterimi Günorta Amerikada, 4,73 göterimi Demirgazyk Amerikada we 0,56 göterimi Okeaniýada ýaşaýar. Maglumatlara görä, planetamyzyň ilatynyň bir milliardyny 60 ýaşdan uly adamlar emele getirýär. 2021-nji ýylyň maglumatlaryna görä, Ýewropanyň ilatynyň 19 göterimi 65 ýaşdan ýokarydyr. Bu görkeziji Demirgazyk Amerikada 17 göterim, Okeaniýada 13 göterim, Aziýada we Günorta Amerikada 9 göterim, Afrikada 4 göterim. Germaniýada ýaşy 65-den ýokary bolan ilatyň sany 17,78 milliona ýetýär. Bu görkeziji Italiýada 13,76 million, Fransiýada 13,16 million we Angliýada 12,24 million. BMG-niň maglumatlaryna görä, 1950-2010-njy ýyllar aralygynda ömrüň ortaça dowamlylygy 46-dan 68-e ýetipdir. 2020-nji ýylda bolsa 73,2-ä ýetipdir. «Statista»-nyň maglumatlaryna görä, dünýä ilatynyň 26 göterimini 15 ýaşdan kiçiler, 10 göterimini 65 ýaşdan ulular düzýär. 

Dünýäniň iň köp ilatly ýurdy bolan Hytaýda 65 ýaşdan uly adamlar ilatyň 11,9 göterimini emele getirýär. Şeýlelikde, 1,4 milliard töweregi ilaty bolan ýurtda 166 million ýaşuly nesil ýaşaýar. Ýaşy 65-den ulularyň sany Hindistanda 84,9 milliona, ABŞ-da 52,76 milliona we Ýaponiýada 35,58 milliona ýetýär. Ýaponlar iň köp ýaşaýan halk hökmünde öňe saýlanýar. Ýurtda ortaça ýaş 85 ýyl. Bu görkeziji Şweýsariýada 84,25 ýyl, Singapurda 84,07 ýyl we Italiýada 84,01 ýyl.Dünýäde her 8 adamdan biriniň ýaşy 60-dan ýokary. 2050-nji ýyla çenli ýaşy 65-den ýokary bolanlaryň sany 1,5 milliarda ýeter.

Toýly SABYROW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.