logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Interesting /Dünýä täsinliklerinden...
  02.06.2023
1641
Dünýä täsinliklerinden...

- Beýleki galaktikalara at beren Akmaýanyň ýoly galaktikasynyň ady grek sözünden gelip çykyp «süýtli» diýmekligi aňladýar.

- Akmaýanyň ýoly 100 milliard ýyldyzy we 200 milliard planetany öz içine alýar.

- Galaktikanyň merkezinde massa we ululyk taýdan ullakan gara deşik bar. Astronomlar şeýle zatlaryň köpüsini tapdylar, köpüsiniň ululygy günüň massasyndan 200 esse köp.

- Häzirki döwrüň maglumatlaryna görä Akmaýanyň ýoly galaktikamyz «Andromera Gallaxy» bilen tiz arada duşuşar. Ýöne bu duşuşyk 4,5 milliard ýyldan bolar diýlip meýilleşdirilýär.

- Ýer - galaktika zonasynda ýaşaýşyň merkezidir. Ol ýer tutuş galaktikadaky ýyldyzlaryň diňe 10 %-ini öz içine alýar.

- Akmaýanyň ýoly 4000 töweregi ekzoplanetany öz içine alýar. 2018-2019-nji ýyllar aralygynda 2682 ekzoplanet kesgitlendi. NASA-nyň habaryna görä häzirki wagtda 3916 tassyklanan ekzoplanet bar.

- Häzirki wagta çenli biziň galaktikamyzda 3000 töweregi planetalar ulgamy tapyldy. Güne gaty meňzeýän planeta ulgamlarynyň biri takmynan 2500 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşen.

- Akmaýanyň ýolunyň yşygy galaktikamyzyň spiral gollarynyň bir bölegi bolan müňlerçe gowşak, göze görünmeýän ýyldyzlar sebäpli ýüze çykýar.

- Akmaýanyň ýoly galaktikada her ýylda gün massasynyň 1-2 ýyldyzy emele gelýär.

- Astronomlar 3D galaktiki kartany düzmegi başardylar. Olar galaktikanyň merkezi sebitini arahis ýaly, soňundan bolsa X  görnüşli gurluşdygyny görkezdi.

- Galaktikanyň merkezinde massa we ululyk taýdan ullakan gara deşik bar. Astronomlar şeýle zatlaryň köpüsini tapdylar, köpüsiniň ululygy günüň massasyndan 200 esse köp.

- Galaktikada her ýyl 7-ä çenli ýyldyz peýda bolýar we her 50 ýyldan uly ýyldyzlaryň biri ýarylýar. Oňa adatdan daşary ýyldyz diýilýär.

- Galaktikada ululygy we massasy boýunça meňzeş planetalar gaty az. Bu planetalarda suwuk suwuň bolmagy üçin zerur bolan temperatura režimini saklamak mümkin. Bu bolsa durmuşyň ýüze çykyp biljekdigini aňladýar.

 

Akgül SABYROWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.