logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Dünýädäki ilkinji it restorany Boliwiýada açyldy
  03.11.2022
1128
Dünýädäki ilkinji it restorany Boliwiýada açyldy

Boliwiýada diňe itlere hyzmat edýän «Paladrar» atly restoran açyldy. Bu restoranda itler üçin naharlar öz işine ussat aşpezler tarapyndan taýýarlanylýar. Şeýle hem bu restoranda itleriň öz eýeleri bilen wagtyny gyzykly geçirmegi üçin hem ähli amatlyklar döredilen.

«Paladrar» restorany - Boliwiýanyň paýtagty La Paz-yň merkezinde, itleriň rahatlygy we tagamly naharlary dadyp görmegi üçin döredildi. Bu ýere gelýän itler we olaryň eýeleri mähirli, güler ýüz bilen garşylanýar. Itler üçin nahar sanawynda birnäçe görnüşli buglanyp bişirilen sygyr we towuk etleri, çorbalary şeýle-de peýnirli gutapjyklary bar.

Restoranda itler ýarawsyz ýagdaýa düşen ýagdaýynda ýörite lukmanlar hem bar. Bu ýerdäki hyzmatlar üçin bahalar bolsa diýseň arzan.