logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Nature /Dünýädäki iň gymmat gök önümler
  23.05.2023
1644
Dünýädäki iň gymmat gök önümler

Mälim bolşy ýaly, biz gündelik durmuşymyzda azyklyk maksady bilen dürli görnüşli gök önümleri peýdalanýarys. Bu ýaprakly gök önümleriň käbir görnüşleri özüniň häsiýetli aýratynlygy bilen hakyky «kaşaň» zatlara öwrüldi. Bu adatdan daşary gymmat bahaly bolan gök önümleriň muşdaklaryny näme  zat haýran galdyrýar? Belki-de bu ýagdaý olaryň peýdaly taraplary ýa-da seýrek hasaplanýandygynda jemlenendir! Geliň, dünýädäki iň gymmat gök önümleriň sanawy bilen tanyş bolalyň:

Ýamasita ysmanagy.
 

Ýamasita ysmanagy Ýaponiýada ösdürilip ýetişdirilýär. Azyk gullugynyň habaryna görä, ýurduň meşhur restoranlarynda aşpezler iň gowy naharlary üçin bu ysmanagy saýlaýarlar. 

Hmel. 

Hmel köplenç dürli içgiler taýýarlananda ulanylýan ösümlikdir. Ony ýygnamak kyndyr we ol esasan hem sowuk howaly ýerlerde ösýär. Şeýle-de bolsa, hmel ösümligi özüniň gymmatly aýratynlygy bilen gymmat baha eýedir. 

«Le Bonnotte» ýeralmasy. 

Hawa, kartofel ýa-da ýeralma dünýädäki iň köp ulanylýan azyk önümleriniň arasynda durýar. Dogry, onuň dürli görnüşi bar, ýöne şolaryň arasynda «Le Bonnotte» görnüşi iň gymmatlysydyr. Ol örän tagamly bolup, Biskaý aýlagynda ösýär, bu ýerde daýhanlar ony ýörite şertde ösdürýärler. 

Masutake. 

Masutake seýrek duş gelýän ýapon ýabany kömelegidir. Ol Aziýada, Ýewropada we ABŞ-da hem duşýar. Onuň ýakymly tagamy bar we beýleki kömelekleriň köpüsi ýaly bişirilip ulanylýar.

Gülgüne salat – latuk. 

Gülgüne salat diýlip atlandyrylýan «Radikkio La Rosa del Veneto» dünýäniň meşhur restoranlarynyň menýusynda orun alandyr. Ol müşderilere özbaşdak nahar hökmünde hödürlenýär. Hödür etmezden ozal ol ösümlik ýagy bilen ýeňil işlenýär. 

 

Sultanmyrat SAPAROW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyl talyby.