logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Interesting /Dünýädäki iň inçe myhmanhana
  24.03.2024
721
Dünýädäki iň inçe myhmanhana

Indoneziýada hyzmat edýän dünýäniň iň inçe myhmanhanasy, ini takmynan 2,8 metr. PituRooms atly myhmanhananyň binagäri Ary Indra, binany Merkezi Jawa welaýatynyň Salagita şäherinde, geň ululygy sebäpli hiç kimiň satyn almak islemeýän ýerinde gurandyklaryny aýdýar.

 

 

ABŞ-nyň tanymal metbugat guramalarynyň biri bolan "CNN" bilen söhbetdeşlikde binagär 5 gatly myhmanhanada 7 otagyň bardygyny aýtdy.

 

 

"Sahabat Selogene" atly arhitektura firmasyny esaslandyryjy Indra, her otagda goşa düşek we duş şeýle-de hajathana bilen kiçijik hammam bar diýdi.

 

 

Indoneziýaly suratkeşler we dizaýnerler tarapyndan taýýarlanan otaglaryň täsin öz gurluşynyň bardygyny mälim eden Indra: "Bu ýere gelenleriň Salatiga şäherini täzeçe başdan geçirmegini isleýärin" - diýdi.

 

 

Binagär myhmanhanany döreden topary bilen dolandyrýandygyny mälim etdi we paýtagt Jakartanyň takmynan 480 km günorta-gündogarynda ýerleşýän Salagita şäherine has köp syýahatçy çekmek isleýändigini belledi.

 

 

Indoneziýalylaryň köpüsiniň 2022-nji ýylyň dekabrynda açylan myhmanhanada galýandyklaryny mälim eden Indra, bu pudakda düşünişmek üçin täzeçe garaýyş döredendiklerini aýtdy.

 

Nurana MÄMMETDURDYÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk 
institutynyň talyby.