logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / In the world /Dünýädäki iň ir doglan ekizler
  10.03.2023
1880
Dünýädäki iň ir doglan ekizler

Kanadada 22 hepdede doglan iki dogan Ginnesiň Rekordlar kitabyna dünýäniň iň irki doglan ekizleri hökmünde girdi. 

Ekizleriň ejesi bolan Shakina Rajendram bary-ýogy 21 hepde 5 gün göwreli bolandygyny mälim edýär. Lukmanlar göwredäki ekiz çagalaryň diri galmak mümkinçiliginiň ýokdugyny aýdypdyrlar. Emma ekizleriň ejesi hiç hili umytdan düşmändir. Gudrat bilen 126 gün ir doglan sagat çagalar, golaýda dünýäniň iň irki doglan ekizleri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.

Mundan öňki rekord 2018-nji ýylda ABŞ-nyň Aýowa ştatynda bolupdy. Şol wagtky doglan ekizler 125 gün ir doglup rekorda girmegi başarypdy.

Ekizleriň kakasy bolan Kevin Nadarajah ekiz çagalar dünýä gelende olaryň bilelikdäki agramynyň 750 gram bolandygyny belleýär. Ýagny Adiah 330 gram, Adrial bolsa 420 gram.

Belläp geçsek, Kanadaly ekizler diňe bir «iň irki doglan ekizler» rekordyny däl eýsem-de olar bilelikdäki 750 gram agramy bilen «iň ýeňil ekizler» rekordynyň hem täzelediler. 

 

Asman KURBANOW, 

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk 
institutynyň talyby.