logo

Soňky täzelikler:
✦ Dil bilen dünýäni gezer ✦ ✦ Ýaşlar — Watanymyzyň geljegi ✦ ✦ Bilim bermekde okuwçynyň pikirleniş ukybyny ösdürmek möhümdir ✦ ✦ Garabogaz - Gazagystan serhetýaka awtomobil ýolunyň 44 kilometrlik bölegi açyldy ✦ ✦ Daşoguzda ýylda 700 müň tonna azotly dökün öndürjek toplum gurlar ✦ ✦ Daşoguzda pagta çigidini gaýtadan işleýän täze kärhana gurlar ✦ ✦ Aşgabat - Daşoguz awtomobil ýoly täze tapgyrda ulanylmaga beriler ✦ ✦ Daşoguz welaýatynda ulag we senagat ösüşiniň täze taslamalaryna badalga berildi ✦ ✦ Ykdysadyýetiň görnüşleriniň ösüşi ✦ ✦ Ylym-bilim ulgamynda sanly tehnologiýalar ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Dünýädäki iň kaşaň suwasty gämi
  17.03.2024
795
Dünýädäki iň kaşaň suwasty gämi

Kaliforniýada ýerleşýän "Stiw Kozloff Designs" kompaniýasy, ýedi güne çenli 100 metr çuňlukda hereket edip bilýän balyk şekilli suwasty gäminiň dizaýny bilen tanyşdyrdy.

 

“Deep Sea Dreamer” atly suwasty gämi, suwasty dünýäni synlamaga mümkinçilik berýän aýlaw görnüşli aýna bilen enjamlaşdyrylan. Suwasty gäminiň ýaşamak üçin meýdany takmynan 140 inedördül metre deňdir. 

 

“Deep Sea Dreamer” atly suwasty gämide hammam, egin eşikleri goýmak üçin otag, kir ýuwulýan ýer we uly aşhana bar. Suw geçirmeýän lift arkaly, beýleki gatlaryň arasynda hereket etmek mümkin.

 

Jennet GARAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.