logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Dünýädäki iň kiçi Gurhan kitaby
  26.01.2023
1606
Dünýädäki iň kiçi Gurhan kitaby

Ini 1,50 santimetr we uzynlygy 2,5 santimetr bolan ýaşyl örtükli mukaddes Gurhan göreni geň galdyrýar. Kitabyň ýazgylary juda kiçi bolanlygy sebäpli ony diňe ulaldyjy abzal bilen okap bolýar.

Dünýädäki iň kiçi Gurhan kitaby Iordaniýanyň paýtagty Ammanyň günbataryndaky Salt şäherindäki halk mirasy muzeýinde ýerleşýär. Mukaddes kitap örän berk ýagdaýda goralýar.

Gurhanyň iň kiçi nusgasynyň çap edilen senesi näbelli bolup, kitabyň içi we daşy ýörite bezelipdir. Hünärmenler kitabyň neşir edilmeginiň 20-nji asyra degişlidigini çaklaýarlar.