logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Interesting /Dünýädäki iň uly almaz Dubaýdaky sergide görkeziler
  26.03.2022
1360
Dünýädäki iň uly almaz Dubaýdaky sergide görkeziler

Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçiriljek uly söwda ýarmarkasynda dünýädäki iň uly almaz görkeziler. Bu halkara derejesindäki çäre 26-29-njy mart aralygynda geçiriler.

Dünýäniň iň uly almazy bu söwda ýarmarkasynda görkezileninden soň, 11-nji maýda Ženewanyň meşhur auksion öýünde satylar. Bu almazyň agramy 228.31 karat bolup, onuň bahasy 30 million amerikan dollaryna barabardyr.

Almaz mundan öň Taýpeýde, Taýwanda we Nýu-Ýorkda geçirilen halkara sergide sergilenipdi. Äpet almaz täze eýesini Ženewadaky auksionda tapar.

Türkmençä terjime edileninde “gaýa” diýlip atlandyrylýan bu almaz 20 ýyl ozal Günorta Afrikada gazylyp alyndy. Almaz 2017-nji ýylda geçirilen auksionda 33,7 million amerikan dollaryna satylypdy.

Aýlar GUBAJAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.