logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / In the world /Dünýädäki iň uly sanly teleskop tanyşdyryldy
  17.10.2022
1065
Dünýädäki iň uly sanly teleskop tanyşdyryldy

Dünýädäki iň uly sanly teleskop ABŞ-nyň Energetika ministrligi tarapyndan Kaliforniýa ştatynyň Menlo Park şäherinde tanyşdyryldy.

Uly sinoptiki gözleg teleskopy (LSST) diýlip atlandyrylýan teleskop işe başlanda, Çiliniň «Cerro Pachon» dagyndaky «Rubin» obserwatoriýasynda ulanylar. Teleskop entek doly tamamlanmasa-da, ondaky ähli mehaniki bölekler bir ýere jemlenilen.

«SLAC» milli tizlendiriji barlaghanasy teleskopyň ululygy barada beren beýanynda, «Teleskop  1,65x3 metr uzynlykda, 2800 kilogram agrama barabar» diýip belläp geçdi. Teleskop doly işe başlan ýagdaýynda älemdäki göze görünmeýän ýyldyzlary we asman jisimlerini 100 million esse ýakynlaşdyrar.

Beýleki bir tarapdan, «Rubin» obserwatoriýasy «Uly sinoptiki gözleg teleskopy (LSST)» kömegi bilen älemiň syrlarynyň üstüni açar we şu wagta çenli iň gowy uly göwrümli filmi döreder. 

 

Mekan KAKAGELDIÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.