logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Interesting /Dünýädäki iň uly uçar tanyşdyryldy
  24.03.2024
656
Dünýädäki iň uly uçar tanyşdyryldy

Daşalmagy mümkin däldigi aýdylýardy. “Radia” kompaniýasynyň “Windrunner” kysymly uçary 35 tonnalyk ägirt uly ýel turbinasyny göterer we ýurtlaryň energiýa çykdajylaryny azaldar.

 

 

Ýel turbinalary üçin “has uly, has gowy” düşünjesi has möhüm bolup durýar. Şeýle-de bolsa, häzirki döwrüň iň güýçli deňiz ýel turbinalarynyň ullakan ganatlaryny gury ýer bilen aňsatlyk bilen daşap bolmaýar, bu olaryň ulanylmagyny çäklendirýär. Bu meseläni çözmek üçin “Windrunner” kysymly uçary tanyşdyryldy.

 

 

“Windrunner” uçary ullakan ýel turbina ganatlaryny götermek üçin ýörite döredilen uçar. Bu innowasiýa taslamasy, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine zerurlyk döwründe möhüm ähmiýete eýedir.

 

 

"Windrunner"-iň esasy wezipesi ýel turbinalarynyň ullakan ganatlaryny gury ýerde götermek. Bu turbinalaryň uzynlygy 45-90 metre we agramy 35 tonna ýetýär. Bu äpet agyrlyk bar bolan transport usullaryny çynlakaý çäklendirýär.

 

 

Hünärmenler bu ululykdaky turbinalaryň elektrik öndürmegiň yzygiderliligini 20 göterim ýokarlandyryp, energiýa çykdajylaryny 35 göterime çenli azaldyp biljekdigini çaklaýarlar. “Radia's Windrunner” taslamasy durnukly energiýa çözgütlerini işläp düzmekde möhüm ädim hasaplanýar. Bu taslama, hem ekologiýa taýdan arassa energiýa çözgütlerine goşant goşýar we ýel energiýasynyň geljegini ugrukdyrýar.

 

Meretmuhammet DURDYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk 
institutynyň talyby.