logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Interesting /Dünýädäki iň uly uçar ýene howa giňişligine çykdy
  16.05.2022
1329
Dünýädäki iň uly uçar ýene howa giňişligine çykdy

“Stratolaunch” kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen, ganaty 117 metr bolan 226 tonnalyk “Roc” atly uçar 2019-njy ýylda Kaliforniýanyň Mojave howa menzilinden ilkinji synag uçuşyny amala aşyrdy. Şondan bäri 4 gezek synag üçin uçan uçaryň bäşinji uçuşy ýakynda amala aşyryldy. Mojave çölünde geçirilen uçuş synagynda bu uçar 6,858 metr belentlige çykdy we 5 sagat töweregi uçuşdan soň üstünlikli gonmagy başardy.

“Stratolaunch” kompaniýasy esasan, planetanyň daşyndan orbitasyna çykmak üçin uçarlary öndürýär. “Roc” atly äpet uçar alty sany Boeing 747 hereketlendirijisinden zerur güýji alýar. Ganatlary futbol meýdançasynyň ululygyndan has uly bolan äpet uçaryň, göterijilik ukyby takmynan 250 tonna barabardyr. Bu uçar kosmos gözleglerinde işleri juda ýeňilleşdirýär.

 “Stratolaunch” kompaniýasy häzirki wagtda “Roc” bilen birlikde “Talon-A” atly has äpet uçaryň üstünde işleýär. Ganaty 3,4 metr, uzynlygy 28 metr boljakdygy aýdylýan “Talon-A” uçary 2022-nji ýylda ilkinji gezek synag uçuşyny amala aşyrar.

“Stratolaunch” kompaniýasynyň hünärmenleriniň aýtmagyna görä, üstünde işlenilýän äpet uçarlar geljekde Ýeriň orbitasyna materiallary we ýolagçylary daşamak üçin ulanylar.

Ahmet TAGANOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.