logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / In the world /Dünýädäki iň uly wulkan atlylyp başlady
  29.11.2022
1864
Dünýädäki iň uly wulkan atlylyp başlady

Dünýädäki iň uly işjeň wulkan bolan Gawaýidäki Mauna Loa wulkany soňky 40 ýylda ilkinji gezek atyldy. Häzirki wagtda wulkandan lawa akmagyny dowam edýär. Gawaýi hökümeti tarapyndan işjeň wulkanyň töwreginden ilatly ýerlere kül ýagmak ähtimallygy barada duýduryş berildi. Beýleki tarapdan, wulkanyň ýagdaýynyň islendik wagtda çalt üýtgäp biljekdigi mälim edildi. ABŞ-nyň Geologiýa gullugy wulkanyň duýduryş derejesini iň ýokary derejä çykardy.

Mauna Loa wulkany 4,169 metr belentlikde bolup işjeň ýagdaýdaky iň uly wulkandyr. Ol Gawaýi adalaryny emele getirýän bäş wulkanyň biridir. Onuň göwrümi takmynan 75,000 km³ deňdir. Wulkan atylanda ondaky himiki maddalar örän az bolup durýar.

Wulkanlar – ýer gabygynyň ýa-da başga bir planetanyň gabygynyň ýüzünde döreýän geologik emele gelmeler bolup, olarda magma ýeriň ýüzüne çykýar we lawalary, wulkan gazlaryny, daşlary we piroklastik akymlary emele getirýär.

Wulkanlar işjeň, ukudaky we sönen wulkanlar diýen toparlara bölünýär. Ýagny, birnäçe ýyldan soň atylýan wulkanlara işjeň wulkanlar diýilýär. Emma, partlanyna ençeme ýyl bolan we häzirki wagtda atylmadyk, haçan atyljagy belli bolmadyk wulkanlara ukudaky topara degişli wulkanlar hasap edilýär. Sönen wulkanlar bolsa, partlanyna ýüzlerçe ýyl bolan wulkanlara aýdylýar. Şeýle hem, bu wulkanlaryň haçan partlajakdygy belli bolmaýar. 

 

Kakajan HOJAMUHAMMEDOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.