logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Dünýädäki iň uly ýolagçy gatnadýan gämi tanyşdyryldy
  26.10.2022
3029
Dünýädäki iň uly ýolagçy gatnadýan gämi tanyşdyryldy

«Royal Caribbean» kompaniýasy köpden bäri garaşylýan dünýädäki iň uly ýolagçy gatnadýan gämi bilen tanyşdyrdy. Bu gämi «Icon of the Seas» diýlip atlandyrylýar. Ýolagçy gämisi 2024-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda myhmanlary bilen ilkinji gezek syýahata başlar.

Gämi barada aýdyp geçsek, onda uly restoranlaryň birnäçesi, çäreleri geçirmek üçin ullakan meýdança, uly seýilgäh, buzda typmak üçin meýdança, golf meýdança, gaýa dyrmaşylýan ýerler, 47 metrlik şarlawuk bolar.

«Icon of the Seas» - 20 gatdan ybarat bolup, ýagny beýikligi 365 metr bolar. Gäminiň umumy bahasy 2 milliard dollardan geçer. Ýolagçy gämisi iň arassa ýakylýan deňiz ýangyjy bolan suwuklandyrylan tebigy gaz bilen hereket eder.