logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Dünýäde iň köp ýaýran ikinji ölüm sebäbi: Bakteriýalar!
  24.11.2022
1407
Dünýäde iň köp ýaýran ikinji ölüm sebäbi: Bakteriýalar!

Geçirilen soňky gözleglere görä, bakteriýalaryň ýokuşmagy sebäpli döreýän keseller, dünýäde ýürek bilen baglanyşykly kesellerden soň iň köp ýaýran ikinji ölüm sebäbi bolup durýar. 22-nji noýabrda geçirilen derňewlere görä, «staphylococcus aureus» we «pneumococcus» ýaly bakteriýalar iň ölüm howply bakteriýalaryň hataryndadygy mälim edildi. «The Lancet» neşirinde geçirilen bu derňew, iň köp ýaýran patogenler hökmünde tanalýan bakteriýalaryň 30-a golaý görnüşini gözden geçirdi we olar bilen baglanyşykly ölüm derejesine baha berdi. Bu iş Bill Gates Gaznasy tarapyndan maliýeleşdirildi.

Hasabatyň awtorlary, öwrenilen bakteriýalar bilen baglanyşykly keselleriň, dünýäde ýürek bilen baglanyşykly kesellerden soň iň köp ýaýran ikinji ölüm sebäbi bolup durýandygy baradaky netijä geldiler. Alymlar häzirki wagtda her sekiz ölümden biriniň, bakteriýalar sebäpli bolup geçýändigini belleýärler.