logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Dünýäde konteýner parkynyň ösüşi çaltlanar
  10.03.2024
631
Dünýäde konteýner parkynyň ösüşi çaltlanar

Häzirki wagtda Sues hem-de Panama kanallarynyň üsti bilen konteýner arkaly ýük daşamaklygyň haýallamagy bilen we konteýnerlerde ýük daşamaklyga bolan islegiň artmagy sebäpli dünýäniň konteýner parkynyň ösüşiniň çaltlanjakdygyna garaşylýar. Bu barada  Drewry World Container Index belläp geçdi.

 

 

Drewriniň global konteýner bazarynda geçirilen gözlegleriň netijesinde global konteýner floty 2023-nji ýylda  1% ösüp 51 million TEU (Bir TEU, uzynlygy 20 fut (6.1 m) we ini 8 fut (2.44 m) adaty konteýneriň peýdaly göwrümine deň) barabar boldy.

 

 

Seljeriş işi boýunça şu ýyl 2.3% ösüş gazanyldy. Bu bolsa ýurdumyzyň Ýewropa ýurtlary bilen deňiz üsti bilen ýük gatnawlary we bazar söwdasy ösýändigine şaýatlyk edýär.

 

 

Dost-doganlyk gatnaşyklary barha pugtalandyrmak ykdysady ösüşi artyrmak maksady bilen deňiz üstaşyr gatnawy barha ösdürilýär. Konteýner daşamakda ýurdumyz öňdebaryjy orny eýeleýär. Häzirki wagtda Azerbaýjan-Türkiýe ýurtlaryna gatnaw ýola goýuldy.

 

Ogulaý BAÝLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
1-nji ýyl talyby.