logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Dünýäde maýmyn mama keseli bilen kesellänleriň sany 70 müňden geçdi
  13.10.2022
2384
Dünýäde maýmyn mama keseli bilen kesellänleriň sany 70 müňden geçdi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçirilen metbugat ýygnagynda maýmyn mama keseli bilen baglanyşykly soňky ýagdaýlar barada durlup geçildi. Şonda berlen maglumata görä, dünýäde häzirki wagtda maýmyn mama keseli bilen kesellänleriň sanynyň 70 müňden geçendigi mälim edilýär.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň hünärmenleri, wakalaryň dünýä derejesinde azalýandygyny, emma käbir ýurtlarda ýokarlanýandygyny belläp geçýärler. BSGG-niň hünärmenleri: «Dünýä ýurtlary wakalaryň azalmagy üçin bilelikde hereket etmeli. Bolmasa wakalaryň köpelmegi Covid-19 pandemiýasy ýaly howply bolup biler. Beýle ýagdaýlaryň netijesi örän köp adam pidasyna getirmegi mümkin. Häzirki wagtda biz maýmyn mama keseline garşy has netijeli sanjymy tapmak ugrunda degişli işleri geçirýäris.» - diýip belläp geçdiler.