logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Dünýäde metan gazynyň howa goýberilmegi ýokary derejä ýetdi
  14.03.2024
606
Dünýäde metan gazynyň howa goýberilmegi ýokary derejä ýetdi

Halkara Energiýa Agentliginiň (IEA) Global Metan Yzarlaýjysy atly maglumatynda dünýäde gazylyp alynýan energiýanyň ulanylmagy bilen häzirki wagtda atmosfera goýberilýän metan gazynyň möçberiniň ýokary derejä ýetip, 2023-nji ýylda 120 million tonna bolupdyr.

 

 

Metan - bu elektrik energiýasyny öndürmek, jaýlary ýylatmak, önümçilik hajatlary üçin ulanylýan tebigy gazdyr. Ol beýleki gazylyp alynýan gazlardan has arassa ýansa hem howanyň global ýylamagyna güýçli goşant goşýan parnik gazydyr.

 

 

Dünýäde metan emissiýasynyň 10 million tonnasy nahar bişirmek ýaly gündelik amala aşyrylýan işlerde biomassanyň adaty usullardan peýdalanylmagy netijesinde ýüze çykypdyr. 2023-nji ýylda energiýa pudagynda ýüze çykan metan gazynyň 80 million tonnasy dünýäniň 10 ýurduna degişlidir.

 

 

Häzirki wagtda kömrüň sarp edilşinde birinji orny Hytaý, nebit - gaz öndürmekde bolsa ABŞ öňdeligi eýeleýär. Bu ugurda Russiýa ikimji orny eýeleýär.

 

 

Global ýylamaklygy 1,5 % derejede saklanmagy üçin ýerasty ýangyç serişdeleriniň ulanylmagy netijesinde emele gelýän metan gazynyň 2030-njy ýyla çenli 75 % azaldylmalydyr. Bilermenleriň pikriçe metan emissiýasyny azaltmagyň bahasynyň örän arzandygyny belleýärler.

Tylla Öwezowa,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.