logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Dünýäde “nikel” elementiniň gory azalýar
  26.03.2022
976
Dünýäde “nikel” elementiniň gory azalýar

Nikel poslama (eroziýa) garşy durýar we beýleki metallary goramak üçin ulanylýar. Şeýle-de hem nikel poslamaýan polat ýaly erginleri ýasamakda ulanylýar. Häzirki wagtda nikel jübi telefonlaryndan başlap, suw kranlaryna, batareýalardan aşhana gap-gaçlaryna çenli köp ýerlerde ulanylýar.

 Koronawirus epidemiýasy sebäpli soňky 2 ýylda üpjünçilik zynjyrynyň kesilmegi nikel söwdasyny hem kynlaşdyrdy. Himikler ýakyn wagtda global nikel krizisiniň döräp biljekdigini öňe sürýärler.

Londonyň metal biržasynda nikeliň bahasynyň ýokarlanmagy bu öndürijide näbellilik gurşawyny döretdi we bu ýagdaýyň dowam etmegi biynjalyklygy artdyrdy. Belläp geçsek, Russiýa dünýäde nikeliň gory boýunça öňdäki orunlary eýeleýär.

Alymlar nikel gorunyň azalmagy sebäpli ulag, awiasiýa, deňiz we gurluşyk, lukmançylyk we başga-da birnäçe pudakda käbir kynçylyklaryň döremegine getirer diýip çaklaýarlar. Nikeliň gaty pes we gaty ýokary temperatura garşylygy sebäpli hereketlendiriji bölekleriniň gurluşygynda has ileri tutulýandygy mälimdir.

 

Atanyýaz AGAGELDIÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.