logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Dünýäniň birnäçe ýurtlaryna ýük gatnawlaryny ýola goýmak meýilleşdirilýär!
  24.04.2023
1073
Dünýäniň birnäçe ýurtlaryna ýük gatnawlaryny ýola goýmak meýilleşdirilýär!

Türkmenistan uçarlar arkaly halkara ýük gatnawlaryny artdyrmak ugrunda giň tagallalar edýär. Muňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Fransiýa Respublikasynyň «Airbus S.A.S.» kompaniýasynyň arasynda baglaşylan şertnama laýyklykda, satyn alnan  «Airbus A330-200» kysymly ýük uçary Wýetnam Sosialistik Respublikasyndan Türkmenistanyň üsti bilen Ýewropa ýurtlaryna ýükleri daşamak boýunça ilkinji gatnawyny ýerine ýetirdi.

2023-nji ýylyň aprel aýyndan başlap, Aziýa döwletlerinden Koreýa Respublikasyna, Ýewropa döwletlerinden, hususan-da, Çehiýa Respublikasyna, Germaniýanyň Frankfurt şäherine ýük gatnawlaryny ýola goýmak meýilleşdirilýär.

Ýokarda agzalan ýük gatnawlaryny ýola goýmak Aziýa ýurtlaryndan Türkmenistana hem-de Türkmenistandan Ýewropa ýurtlaryna ýükleri ugratmak, şeýle hem yzygiderli üstaşyr gatnawlary ýola goýmak maksat edinilýär.