logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Interesting /Dünýäniň “gök” şäheri
  28.09.2022
2199
Dünýäniň “gök” şäheri

Ýer ýüzünde jaýlary asman bilen birleşýän bulutlara çalym edýän, dar köçeleri hem-de aýlawly basgançakly ýodajyklary gök reňkli deňiz tolkunlaryny ýadyňa salýan gözellik hakykatdan hem bar. Ol şäher Marokkada ýerleşýär.


Marokkanyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän bu şäher Şefşauen diýlip atlandyrylýar. Bu uly bolmadyk ajaýyp şäher köp wagtdan bäri syýahatçylaryň arasynda has hem meşhur bolup başlady. Şefşaueniň baý taryhy, ajaýyp tebigaty we özboluşly gadymy arhitekturasy ençeme syýahatçylary özüne çekýär. Şäheriň ähli künjeginiň diýen ýaly gök reňkde bolmagy has-da täsirlidir. Gök reňkli eňňitleriň goýnunda gök reňkli basgançaklar bilen örtülen köçeler, gök reňkli ajaýyp jaýlar, şäher ilatynyň ajaýyp,  özboluşly lybaslary – üýtgeşik sungat eserine çalym edýär. Şäher 1471-nji ýylda esaslandyrylyp, ilkibaşda ýewreýler mesgen tutupdyrlar. Şäheriň gök reňkde bolmagy ilkibaşda bu ýerde ýaşan ilat bu reňki mukaddes hasaplapdyrlar we binalary gök reňkde salypdyrlar. Şondan bäri bu däbe hormat goýlup, ol dowam etdirilýär. Şefşauen sözi “Chefchaouen” diýen sözden gelip, ol “şahlara seretmek” manysyny berýär, ýagny bu ýerde şaha çalym edýän iki sany dag gerşi bolup, şäheriň ady şeýle atlandyrylypdyr. Häzirki wagtda bu şäher ýurduň iň bir gözel şäherleriniň biri hasaplanylýar. Şäher ilaty ispan dilinde gürleýär. Şeýle-de şäher özüniň geçiniň süýdünden taýýarlanýan peýniri bilen hem meşhurdyr.



Gyzylgül ÖWEZMYRADOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.