logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / In the world /Dünýäniň ilkinji elektrik ýoly açyldy!
  14.01.2023
1346
Dünýäniň ilkinji elektrik ýoly açyldy!

Elektrikli awtoulaglara zarýad bermek we ýolda kadaly sürmek bilen baglanyşykly käbir meseleleri aradan aýyrmak üçin Şwesiýanyň «eRoadArlanda» kompaniýasy ulaglara zarýad bermek üçin 2 kilometrlik ýoly täzeden işläp düzdi. Ýagny awtoulag sürlüp barýarka batareýalaryna zarýad berip biljek dünýädäki ilkinji elektrik ýoly Şwesiýada açyldy.

Paýtagt Stokgolmyň golaýyndaky 2 kilometrlik elektrikleşdirilen ýoly eýýämden giňeltmek we ýoly has-da uzaltmak meýilnamalary başlandy.

Ýakynda Şwesiýanyň hökümeti dizel awtoulaglarynyň ýerli hökümetler tarapyndan gadagan edilmegine rugsat berýän teklibi kabul etdi. Şwesiýada 1,3 million dizel awtoulagyna täsir etjek bu düzgün bilen hatarda, elektrikli awtoulaglary hem ulanmak hökmany bolar.

Zarýad berilýän elektrik ýoly Stokgolmdaky Arlanda howa menzilini ýakynyndaky bir logistika merkezi bilen birleşdirýär. Şeýlelik bilen, elektrikli ulaglaryň zarýad beriş meselesiniň çözülmegine we batareýanyň öndürilmeginiň tygşytly bolmagyna garaşylýar.

Elektrik ýoly 50 metrlik segmentlere bölünen ulgamda gurlup, diňe ulag hereketde bolan ýagdaýynda energiýa berilýär. Synaglar «PostNord» atly kompaniýa tarapyndan geçirildi we bu taslama gowy netije berdi.

 

Bazar NURBERDIÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.